Ашхабадское пассажирское автотранспортное предприятие

«Flydubai» awiakompaniýasy Türkmenistan bilen amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi
07 Январь
«Flydubai» awiakompaniýasy Türkmenistan bilen amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi

BAE-de iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dubai Aviation Corporation» («Flydubai») kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy.

«Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de «Flydubai»-yň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbiti hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.

Nygtalyşy ýaly, dünýäniň esasy ýolagçy gatnadyjylarynyň we ýük daşaýjylarynyň biri hökmünde «Flydubai» kompaniýasynyň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ulgamynda däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we hyzmat etmek, iň täze innowasion enjamlar bilen üpjün etmek ulgamynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi hem-de «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Связанный