Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 12-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.Işewür türkmen Liderine wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.Igor Makarow işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde berýän goldawy hem-de dürli pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, häzirki döwürde milli ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere ýokary baha berdi.Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iri kompaniýanyň ýolbaşçysyna gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň gyzyklanma bildirýän işewür toparlary bilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar babatda bar bolan kuwwaty we ondan netijeli peýdalanmagyň meýilnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.Işewür tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň häzirki wagtda energiýa serişdelerini öndürýän döwlet hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýandygyny nygtady.Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ýangyç serişdelerini çykarýan we gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi.Duşuşygyň barşynda işewür milli Liderimize baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler, şol sanda “ARETI” kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.Ol kompaniýanyň gatnaşyklaryň çägini giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklary işläp geçmek boýunça täze teklipleri hödürledi.Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bu taslama gyzyklanmanyň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwaty hem-de bu ýerde döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, degişli hukuk binýady bilen özüne çekijidigini aýtdy. Bularyň ählisi bolsa nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmäge, täze düzümleýin desgalary gurmaga iri serişdeleri netijeli gönükdirmäge mümkinçilik berýär.Türkmen Lideri holdingiň özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine oňyn çemeleşmesini belläp, islendik taslamany durmuşa geçirmekde iň täze tehnologik çözgütleri we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ulanmagyň hem-de ekologik howpsuzlygyň kadalaryny berk berjaý etmegiň potratçy kompaniýalara bildirilýän esasy talapdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Lider işewüre bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.Duşuşygyň ahyrynda “ARETI” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy holdingiň ýurdumyzda dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy kompaniýanyň netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine hem-de öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolup, jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.