Ulag-geçelge gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek toparynyň türkmen düzümi döredildi
23 Oktýabr
Ulag-geçelge gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek toparynyň türkmen düzümi döredildi

Hepdäniň anna güni nobatdaky hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň baş direktory M.Çakyýew Ulag-geçelge gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek toparynyň türkmen düzüminiň döredildigini habar berdi.

Agentligiň ýolbaşçysy hasabatynda iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça çäreler bilen baglylykda, Türkmenistanyň ulag-geçelge mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak barada belledi. Maglumatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ilkinji on aýynda halkara demir ýol boýunça daşalan ýükleriň möçberi 6,1 million tonna, Özbegistan bilen eksport we import edilen harytlaryň möçberi bolsa 885,6 müň tonna barabar boldy.

Şeýle hem M.Çakyýew Söwda-ykdysady, ylym-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisiniň netijeleri barada habar berdi. Bu mejlisiň netijelerine görä, Ulag-geçelge gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça türkmen-özbek topary döredildi.

Toparyň agzalarynyň düzümi M.Çakyýew tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Özbegistana bolan saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar goňşy döwletleriň özara syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam berdi.

Şeýle hem