Türkmenistanda demir ýollaryň abatlaýyş işleri alnyp barylýar
20 Oktýabr
Türkmenistanda demir ýollaryň abatlaýyş işleri alnyp barylýar

Häzirki wagtda «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan Bamy — Bereket demir ýolunyň relslerini düýpli abatlamak işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet saýty habar berýär.

Ýakyn wagtda bu ýerde ilkinji 10 kilometrlik rels gurlar. Häzir Latwiýanyň SIA «HB» kompaniýasyndan satyn alnan relsleriň birinji tapgyry abatlaýyş işleri üçin ulanylýar.

Şunuň bilen birlikde, üstümizdäki ýylda Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň ugrunda jemi 50 kilometre golaý awtoulag ýoluny täzelemek meýilleşdirilýär. Geljek 2022-nji ýylda bolsa Aşgabatdan — Türkmenabat şäherine barýan demir ýoluň durkuny täzelemek göz öňüne tutulýar.

Şeýle hem