BILDIRIŞ!
11 Ýanwar
BILDIRIŞ!

Guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridiki şahslar hem-de bellenen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara umumylykda peýdalanylýan awtobus arkaly ýolagçylary gatnatmak boýunça işiň görnüşleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan ygtyýarlylandyrylýandygy barada habar berýäris.

Munuň üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň saýtynda görkezilen sanawdaky (https://tca.gov.tm/tk/form-view-autoulag) resminamalary jemläp, golaýdaky poçta edaralaryna tabşyrylmagy zerurdyr. Ygtyýarnama almak üçin resminamalaryň poçta arkaly iberilmegi tölegsiz amala aşyrylar.

Resminamalar tabşyrylanda, poçta berilýän arzada mobil telefon belgiňizi görkezmegiňizi haýyş edýäris. Şunda ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan amala aşyrylýan her bir hereket barada siziň telefonyňyza SMS habary iberiler we şol telefon belgiňiz bilen https://e.gov.tm saýtynda şahsy otaga birigip, ygtyýarnamanyň berilmegi bilen bagly ýa-da bermekden ýüz dönderilmeginiň sebäpleri barada giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Şeýle hem