Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwlet Baştutanyň tabşyrygyna laýyklykda, Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Iş saparynyň dowamynda Serhetýaka demir ýol menzilinde hem-de onuň çäklerindäki degişli gulluklarda bolnandygy we serhet geçelgesinden wagonlary wagtly-wagtynda kabul etmek hem-de ugratmak boýunça işleriň ýagdaýy bilen tanşylandygy barada hasabat berildi.
«Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýol geçelgesinde ulanylýan teplowozlaryň sanawy hem-de olary netijeli ulanmak boýunça guramaçylyk ýagdaýlary öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bereket — Serhetýaka we Bereket — Akýaýla demir ýol aralyklarynda işleýän teplowozlaryň sany artdyryldy hem-de Serhetýaka demir ýol menzilinde teplowozlara we wagonlara ýeňil abatlaýyş işlerini geçirýän, hyzmatlary ýerine ýetirýän deponyň işi ýola goýuldy.
Mundan başga-da, wagonlar kabul edilende we tabşyrylanda, degişli gulluklar tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň wagtyny azaltmak üçin olaryň ählisiniň işini ýola goýmak hem-de halkara tejribelerden ugur alyp, gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki işleri çaltlandyrmak meselelerine garaldy.
Şeýle hem Bereket demir ýol menziliniň wagonlary paýlaýjy parkynyň işi bilen tanşyldy we bu stansiýa goşmaça işçi güýjüni çekmegiň mümkinçilikleri öwrenildi. Onuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kömekçi demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalaryny gysga möhletlerde taýýarlamak teklip edilýär.
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykalgalary açýan «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň, ýapylmagynyň Tertibini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama halkyň awtoulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny üpjün etmek maksady bilen, «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeler nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, awtomobil ulaglarynyň işine yzygiderli gözegçiligiň üpjün edilmegine, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen anyk işleriň amala aşyrylmalydygyny belledi.