Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Liderlerine gutlag iberdi
23 Mart
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Liderlerine gutlag iberdi

Her ýylyň 23-nji martynda Pakistanda Respublikanyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu şanly sene mynasybetli Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwa, döwletiň Premýer-ministri Imran Hana, şeýle hem ýurduň doganlyk halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetleri habar berýär.

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, yzygiderli kämilleşdirilýär diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi hem-de bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzy dürli ugurlarda möhüm ösüşlere ýetirmekde uly mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris diýip, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen Lideri Gutlagynyň ahyrynda Prezident Arif Alwa hem-de Premýer-ministr Imran Hana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Pakistanyň güni bu Yslam Respublikasynyň iň naýbaşy milli baýramlarynyň biridir. Ol 1956-njy ýylda Lahor ylalaşygynyň gazanylmagy bilen esaslandyryldy. Şol gün Britan Hindistanynyň musulman ilaty üçin aýratyn döwlet döredildi. Şondan bäri her ýylyň 23-nji martynda bu baýram bellenilip gelinýär.

Şeýle hem