Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag iberdi
27 Mart
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora we ýurduň ähli halkyna ikitaralaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi «TDH» habar berýär.

Döwlet Baştutany öz gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigini nygtady. Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar we 1992-nji ýylyň 27-nji martynda ýola goýlandyr.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Meksikanyň halkyna bolsa öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. 

Şeýle hem