Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Çabahar portunyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça göni gepleşikler guralar
02 Aprel
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Çabahar portunyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça göni gepleşikler guralar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen 2-nji aprelde ýokary derejede geçirilen duşuşygynda Çabahar porty bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça göni gepleşikleri guramagy teklip etdi diýip, «TDH» Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«Ulag — ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugry. Biz Türkmenistanyň çäginden, şol sanda biziň ýurdumyzyň Hazar deňzinde bar bolan infrastrukturalaryny ulanmak arkaly Hindistanyň deňiz terminallaryna çykmak üçin durnukly Ýewraziýa geçelgelerini kemala getirmäge özara ýardam bermek hakynda ylalaşdyk» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Bu deňiz geçelgesi iki döwlet üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde we sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde örän amatlydyr. Türkmenistan Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesine birleşdirmek üçin bilelikdäki Iş toparyny döretmek boýunça hindi tarapynyň başlangyjyny goldady. Öz gezeginde, Hindistan hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu ulag geçelgesine birleşdirmek babatda Türkmenistanyň teklibini goldaýar.

Şeýle hem