Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry
07 Aprel
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Soňky ýyllarda iki dostlukly döwletiň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şeýlelikde, bu resminama Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylýan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky tagallalary berkider.

Ýatlatsak, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň wezipesini wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň üstüne ýükläpdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar.

Şeýle hem