Taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça Maksatnama tassyklandy
08 Aprel
Taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça Maksatnama tassyklandy

Hökümetiň ýylyň birinji çärýeginde pudaklaryň işiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Milli taryhy we medeni gymmatlyklary aýap saklamak, olary goramak we öwrenmek, syýahatçylary çekmek boýunça 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», şeýle hem maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.

Bu maksatnama türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny öwrenmäge, geljekki nesiller üçin gorap saklamagy we dünýäde giňden wagyz edilmegini üpjün etmäge goşant goşar. Onda daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärliklere hem-de ajaýyp ýerlere çekmek üçin çäreler göz öňünde tutulandyr.

Bu ugurlarda meýilleşdirilýän çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we häkimlere tabşyryldy.

Şeýle hem