
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guttereşe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz bu ýakymly mümkinçilikden peýdalanmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guttereşe berk jan saglygyny, bagtyýarlyk, egsilmez gujur-gaýrat we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
30-njy aprelde Antoniu Guttereşiň 73 ýaşy doldy. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň dokuzynjy Baş sekretarydyr. Gutteriş bu wezipäni 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri eýeläp gelýär