Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi
16 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Iş maslahatynyň dowamynda häkimler welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň depgini, orak möwsümine görülýän taýýarlygyň derejesi, şeýle hem gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň derejesi we oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň öndürijilikli işledilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti hasabatlar bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara ýurduň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi. Bular bilen bir hatarda, tabşyrylýan galla hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda ilaty azyk we gök önümler bilen üpjün etmek meseleleri aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu işleriň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Geçen hepdede Türkmenistanda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça Döwlet topary döredildi.

Şeýle hem