3-nji iýunda Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Halkara baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňbaşçylyk etmeginde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Şeýle hem welosipedli ýörişe Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Welosipedli ýörişiň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren welosipedlerinde bu sport çäresine goşuldylar.
«TDH» Döwlet habar agentliginiň maglumat bermegine görä, welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň hatary «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alyp, ýöriş Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça Aşgabadyň merkezine tarap hereket etdiler. Ruhyýet Köşgüne çenli uzalyp gidýän welosipedli ýörişiň ugry boýunça ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi.
2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamany kabul etdi. Dünýäniň 56 döwleti onuň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.
Şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.