Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet ýolbaşçylaryny wezipä belledi
08 Iýul
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet ýolbaşçylaryny wezipä belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen:

Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy. Wise-premýer Mary welaýatyna-da gözegçilik eder.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bolsa ozal ministriň orunbasary bolup işlän Atageldi Germanow bellenildi.

Ozal Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory bolup işlän Hojamyrat Geldimyradow ykdysadyýet, bank we halkara maliýe meseleleri boýunça wise-premýer wezipesine bellenildi.

Ozal bu wezipede işlän Muhammetguly Muhammedow baş işe geçdi.

Resminamalar bilen dolulygyna TDH-nyň saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Şeýle hem