Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystandan Türkiýä ilkinji ýük otlusy geçdi
13 Iýul
Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystandan Türkiýä ilkinji ýük otlusy geçdi

Gazagystan bilen Hytaýyň serhedinden ugradylyp, Alma-ata — Türkmenbaşy — Baku — Tbilisi — Kars gatnaw ugry boýunça pomidor goýutmasy ýüklenen 82 sany 20 futluk konteýner otlusy Gazagystandan Türkiýä ugur aldy.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, pomidor goýutmasy ýüklenen 82 sany 20 futluk konteýner otly düzümi Gazagystandan Türkmenistanyň Serhetýaka demir ýol menziline eltilip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjanyň Baku portuna iberildi. Bu konteýner otly düzümi Baku — Tbilisi — Kars (BTK) ulag geçelgesiniň arkaly Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherine baryp ýetýär.

Türkmenistandan üstaşyr geçýän ilkinji ýük konteýner gatnawynyň degişli bölegini «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ bilen Gazagystan Respublikasynyň demirýollarynyň golçur kärhanasy bolan «KTZ Ekspress» PJ-i bilen bilelikde gurady.

Halkara ýük gatnawynyň ýene bir tapgyry hökmünde golaýda Gazagystan — Türkiýe ugry boýunça kükürt bilen ýüklenen ýük otlusynyň hem Türkmenistanyň çäginden geçip, Tährana barandygyny bellemek bolar. Kükürt ýüklenen 48 konteýnerden ybarat bolan bu synag otlusy Gazagystanyň Pawlodar stansiýasyndan ugramak bilen, Türkiýäniň Paýas stansiýasyna çenli baryp ýetýär.

Şeýle hem