Mahaçkala deňiz söwda portunyň Türkmenistan bilen parom gatnawy kämilleşdiriler
17 Iýul
Mahaçkala deňiz söwda portunyň Türkmenistan bilen parom gatnawy kämilleşdiriler

Gazagystan bilen Türkmenistanyň deňiz portlarynyň arasynda ozal ýola goýlan parom gatnawynyň gaýtadan dikeldilýändigi barada Dagystanyň Hökümeti habar berdi. Deňiz ýük gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy harytlary konteýnerlerde daşamakda mümkinçilikleri açar we Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda ýük dolanyşygynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.

Mahaçkalanyň Halkara söwda deňiz porty Hazar deňzinde işini togtatmaýan we çuň suwly rus portudyr. Portuň gämi duralgasy uzynlygy 150 metre çenli bolan we suwa çümüşi 4,5 metre çenli gämileri kabul edip bilýär. Bu ýerde köp ýyllar bäri parom gatnawy üstünlikli ýerine ýetirilýär. Port ýylda ortaça 350 müň tonna çenli haryt daşamagy üpjün edýär. Portdan amala aşyrylýan esasy gatnaw ugurlarynyň hatarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryny bellemek bolar.

Portuň umumy infrastrukturasy ýükleýji toplumy bolan duralgany, umumy gämi duralgalaryny, köp sanly ýük we konteýnerler, demir ýol, awtoulag paromy üçin we däne terminallaryny öz içine alýar.

Ýakyn geljekde parom gatnawyny gaýtadan dowam etdirmek üçin halkara gatnaw ugurlaryny utgaşdyrmak we yzygiderli esasda hyzmatdaşlyk etmek üçin ýük daşaýjylary gözlemek çäreleri geçiriler. Şeýle hem porty häzirkizaman ýüklemek-düşürmek mehanizmler toplumy bilen enjamlaşdyrmak hem-de port toplumynyň ýükleýän ýerlerini döwrebaplaşdyrmak üçin inženerçilik we tehniki işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Eýranyň deňiz portlary hem öz gezeginde Mahaçkala Halkara porty bilen parom gatnawyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler.

Şeýle hem