Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň global ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuny ýokarlandyrmak bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Bu barada RIA habarlar agentligi beýan edýär.
Döwlet Baştutanymyz 15-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilýän Halkara maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde bu döwletleriň dünýä derejesinde ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we pugtalandyrmakda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny, bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýasyny taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, Türkmenistan ähli konstruktiw teklipler we maslahatlar üçin açyk bolan degişli resminamany işläp taýýarlamaga girişip biler.