
Hormatly ýolagçylar!
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag we kommunikasiýa agentliginiň “Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 26-njy dekabryndan 114-nji «Parahat – Aşgabat söwda merkezi» täze awtobus ugurynyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär.
114-nji «Parahat – Aşgabat söwda merkezi» awtobus ugry “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar, A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Annanow köçe – Ýu.Emre köçe – Ankara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly – Seýdi köçe – Tähran köçesi bilen hereket edip, “Aşgabat söwda merkezine” çenli barýar hem-de yzyna Mollanepes köçe – H.Derýaýew köçe - Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – Bitarap Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – N.Andalyp köçe – Arçabil şaýoly – Ankara köçe – Ýu.Emre köçe – B.Annanow köçe 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91