Türkmenistanda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy
14 Ýanwar
Türkmenistanda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy

Bu barada 2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy. Mejlisiň barşynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabatynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän nebit önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyp, döwlet Baştutanyna täze, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň — B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygy baradaky hoş habary ýetirdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem