Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi 
22 Ýanwar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi 

21-nji ýanwarda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda öňe süren başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy giňden ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň jemleri boýunça Halk Maslahatynyň hukuk esaslaryny berkidýän degişli Kanun kabul edildi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara diýlip ykrar edildi.

Maslahatda çykyş edenleriň ählisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy diýen belent wezipä Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mynasyp görýändiklerini biragyzdan öňe sürdüler. Şunuň bilen baglylykda, halkyň islegleri we haýyşlary nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany esasynda, uzak ýyllaryň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik işinde işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň halkara abraýyny, jemgyýetiň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar hyzmatlary bitirendigini, türkmen halkynyň beýik sylagyna, belent sarpasyna, uly hormatyna mynasyp bolan, döwrüň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy hökmünde ykrar edilen Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi. Maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

Şeýle hem