Türkmen-gazak serhet gözegçilik-geçiriş ýerinde elektron nobat ulgamy işe giriziler 
17 Fewral
Türkmen-gazak serhet gözegçilik-geçiriş ýerinde elektron nobat ulgamy işe giriziler 

22-nji fewraldan Türkmenistanyň Balkan welaýatyny we Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastyny özara birleşdirýän «Temir-Baba» serhet gözegçilik-geçiriş ýerinde awtoulag sürüjileri üçin elektron nobata durmak hyzmaty işe giriziler. Bu barada «Kazinform» habarlar agentligi mälim edýär.

Gazagystanyň «Qoldau.kz» sanly hyzmatlar portalynda bu hyzmat eleýeterli bolar. «CarGoRuqsat» diýlip atlandyrylýan elektron nobata durmak hyzmaty Gazagystanyň beýleki serhet gözegçilik-geçiriş ýerleriniň birnäçesinde eýýäm işe girizildi. Ol serhet gözegçilik-geçiriş ýerlerinden awtoulaglaryň eglenmesiz geçmegini üpjün edýär. Bu bolsa öz gezeginde serhet-geçiriş ýerlerinde awtoulag akymlarynyň döremeginiň öňüni alýar.

«CarGoRuqsat» sanly elektron nobata durmak hyzmaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Geljekde ol awtoulag sürüjileri üçin has-da amatly görnüşde işläp başlar.

Şeýle hem