Russiýa Federasiýasynyň Orýol hem-de Kursk sebitleri Türkmenistana galla eksport etdi. Bu barada «Rosselhoznadzor»-a salgylanmak arkaly “Turkmenportal” habarlar web-saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, galla we gaýtadan işlenilen galladan alnan önümler Latwiýa, Belarusa, Eýrana, Hytaýa, Polşa, Belgiýa, Türkiýä, Moldowa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Türkmenistana, Özbegistana eksport edildi. Iberilen oba hojalyk ekinleriniň sanawynda bugdaý, mekgejöwen, zygyr, raps, arpa, süle, günebakar, soýa noýbasy bar.
2023-nji ýylyň başyndan bäri «Rosselhoznadzor»-yň Orýol we Kursk sebitleri boýunça edarasynyň işgärleri 136,1 müň tonna gallanyň we ondan alynýan önümleriň eksportyna, şol sanda Orýol sebitinden 48,6 müň tonna, Kursk sebitinden - 87,5 müň tonna eksporta gözegçilik etdi. Munuň özi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 57% köpdür.
Bu eksport tapgyry üçin 2790 sany fitosanitar şahadatnamasynyň berlendigi habar berilýär.