Hazar deňziniň ulag-logistikasy boýunça halkara forum geçiriler 
09 Mart
Hazar deňziniň ulag-logistikasy boýunça halkara forum geçiriler 

Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Astrahanda geçiriljek «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy — 2023» atly halkara foruma gatnaşar. Forumda Wolga-Hazar ulag we logistika ekosistemasynyň we Ýewraziýanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada “Turkmenportal” web-saýtynda habar berilýär.

Forumyň esasy wezipesi işewür toparlaryň, telekeçilige degişli däl pudagyň hünärmenlerini, Türkmenistandan, Russiýadan, Eýrandan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we gyzyklanma bildirýän beýleki daşary ýurtlardan degişli ugruň wekillerini bir ýere jemlemekden ybaratdyr. Maslahatyň dowamynda Demirgazyk-Günorta, Günbatar-Gündogar, Demirgazyk-Gündogar, Günorta-Günbatar geçelgeleriniň mümkinçiliklerine baha berler.

Forumyň netijelerine esaslanyp işlenip düzüljek teklipler gutarnykly kararlar görnüşinde çap ediler we degişli döwlet edaralaryna hödürlener.

Şeýle hem