Awtomobil ulag boýunça türkmen-özbek garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara binasynda, Agentligiň ýolbaşçylarynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministri Ilhom Mahkamowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda türkmen-özbek awtomobil ulag boýunça garyşyk toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlisiň dowamynda, iki döwletiň arasynda awtoulag gatnawlarynyň häzirki ýagdaýlaryna seredildi we geljekde halkara awtoulag gatnawlaryny has-da artdyrmak we ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
şeýle hem okaň:
//=YII::t('app','Similar')?>


