BILDIRIŞ
17 Mart 2023
BILDIRIŞ

Hormatly ýolagçylar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakda uly işleri durmuşa geçirýär.

Şol maksat bilen, 2023-nji ýylyň 21-22-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriljek «Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni» mynasybetli baýramçylyk günleri üçin täze awtobus ugrunyň açylandygyny habar berýäris. Täze 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi» ugry 2023-nji ýylyň 18-nji martyndan başlap hereket eder.