Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 3-4-nji maýda “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC-2023) atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Foruma «Space X», «Airbus», «Boeing», «General Electric», «Lufthansa», «Cargo Lux», «Fly Dubai», «Turkish Airlines», «Dragon Oil», «Vitol, «Lukoil», «Lenovo», «Hyundai», «Toyota», «Casale» hem-de «Sumitomo» ýaly dünýä belli kompaniýalaryň ençemesi gatnaşar.
Bu halkara forumda pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag ulgamyndaky täze ýagdaýlara uýgunlaşmak, netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň logistika kompaniýalarynyň we ulag-logistika ulgamyna ýöriteleşen halkara guramalaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň mejlislerine BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky ýaly köp sanly halkara we maliýe guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalar gatnaşarlar.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynyň soňky gazananlaryny görkezýän «Ulag we logistika» halkara ýöriteleşdirilen sergi guralar. Sergide awtoulag öndürijileri we söwdagärler, logistika merkezleri, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň we demir ýollarynyň administrasiýalary üçin enjamlar bilen üpjün edijiler tanyşdyrylar.