Türkmen wekiliýeti KazanForuma gatnaşýar
18 Maý
Türkmen wekiliýeti KazanForuma gatnaşýar

18-19-njy maýda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

Halkara forumyň çäklerinde «Russia Halal Expo» gözden geçirilişi we «Казань Экспо» halkara sergi merkezinde maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda «Russia Halal Market» ýarmarkasy şeýle hem yslam dünýäsiniň aşpezleriniň aşhana sergisi geçirilýär.

Mundan başga-da, türkmen we rus taraplarynyň wekiliýetleriniň duşuşyklary geçirilip, Türkmenistanyň önümleri hem sergide giňden görkezilen.

Şeýle hem