Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda awtoulag we ýol hojalyk işgärleriniň öz kärlerine has-da kämil bolmaklaryna ýardam bermek, öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmaga ugrukdyrmak, jogapkärçiligini artdyrmak hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-logistika düzümini ösdürmekde alnyp barylýan işleri dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň bilelikde yglan eden «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa Daşoguz welaýatynyň awtoulag, ýol hojalyk ulgamyna degişli edara-kärhanalarynyň deslapky tapgyrlarda üstün çykan sürüjileri gatnaşdylar.
Iki ugur boýunça guralan bu bäsleşige ýolagçy we ýük awtoulaglarynyň sürüjileri gatnaşyp, olar awtoulaglaryň gurluşy we olara hyzmat edilişi, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bellenilen şertleri ýerine ýetirmekde, sowallara dogry jogap bermekde öz bilim-başarnyklaryny görkezmäge çalyşdylar.
Şeýlelikde, eminleriň gelen netijelerine görä, ýolagçy awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda 1-nji orna «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Yhlas Kurambaýewiň, 2-nji orna Daşoguz awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň sürüjisi Mekan Orazowyň, ýük awtoulaglarynyň sürüjileriniň arasynda 1-nji orna «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Ylham Kakaýewiň, 2-nji orna «Daşoguzýolgurluşyk» müdirliginiň sürüjisi Sapargeldi Atabaýewiň mynasyp bolandyklary yglan edildi. Bäsleşikde ýeňiş gazanan sürüjilere TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de iň ýokary görkezijileri eýelän sürüjiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.