Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplumda ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça gazanylan ösüş 124,8 göterime deň boldy.
Şu ýylyň bäş aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 104,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa, 106,3 göterime deň boldy.
Ýanwar-maý aýlarynda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 105,4 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 121,3 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 308 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe täze satyn alnan «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli iki sany ýük uçarlarynda ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 110,2 göterim, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.