Daşkentde Hazaryň üsti bilen uzaýan söwda ýollary boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylýar
25 Ýanwar
Daşkentde Hazaryň üsti bilen uzaýan söwda ýollary boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylýar

25-26-njy ýanwarda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek maslahat «Hazaryň üsti bilen söwda ýollary boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyna» bagyşlanýar.

Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. Milli wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, «Türkmenistanyň ulag-logistika merkeziniň» Özbegistandaky şahamçasynyň, Halkara awtomobil daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň, şeýle hem hususy ulag kompaniýalarynyň agzalary düzýär.

Duşuşygyň barşynda taslama gatnaşyjy döwletleriň Hazaryň üsti bilen halkara ulag ýollarynyň üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirilýär.

Bu ýerde logistika ugurlarynyň netijeliligine, gümrük amallaryna, serhet geçelgeleriniň kuwwatynyň we ulag-logistika hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berler.

Bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegi ulag pudagyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de Hazar üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryny Türkiýe we Ýewropa bilen birleşdirýän ugur boýunça ýük akymyny artdyrmak işlerine gönükdirilendir.

Şeýle hem