«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti IT boýunça iri «Cisco Live 2024» atly halkara forumyna gatnaşýar
08 Fewral
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti IT boýunça iri «Cisco Live 2024» atly halkara forumyna gatnaşýar

5 — 9-njy fewral aralygynda Gollandiýanyň paýtagty Amsterdam şäherinde IT ulgamynyň gerimini giňeltmek, sanlaşdyrmak, tor hyzmatlary we programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk babatynda tejribe alyşmak hem-de bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Cisco Live 2024» atly iri halkara tehniki okuw çäresi geçirilýär.

Dünýäniň tehnologiýa enjamlaryny öndürýän iň iri we öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Cisco Systems» tarapyndan her ýyl ýokary derejede geçirilýän bu foruma IT pudagynda ösüş gazanan ýurtlaryň ençemesiniň wekilleri bilen birlikde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Bu çärä gatnaşyjylara döwrebap tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berýän seminarlara we sessiýalara gatnaşmak, halkara synaglara gatnaşyp, «Cisco» şahadatnamasyna eýe bolmak, IT bilermenler bilen bilelikde barlaghanalarda bolmak we olar bilen duşuşyp, pikir alyşmak, özbaşdak tejribe barlaghanalarynda enjamlary hem tehnologiýalary sazlamaga degişli işleri geçirmek ýaly mümkinçilikler döredildi.

Şeýle hem, «Cisco Live 2024» atly iri tehniki okuw çäresiniň çäginde halkara sergi guraldy. Serginiň çäginde «Cisco Systems» kompaniýasynyň täze öndüren enjamlary tanyşdyrylyp, olaryň tehniki häsiýetnamasy öwrenildi. Şonuň bilen birlikde, sergä gatnaşyjylar giň meýdançada ornuny tapan daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän önümlerini has giňişleýin öwrendiler.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» EAK-nyň we «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň hünärmenleri hem bu çärä işjeň gatnaşýarlar. 5-nji fewralda türkmen wekiliýeti «Cisco Systems» kompaniýasynyň wekilleri, şeýle hem IT pudagynyň bilermenleri we programma üpjünçiligini döredijiler bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäginde maglumat merkezi (Data Center), onuň tehnologiýalary we ätiýaçlandyrylmasy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän hünärmen «Cisco» synaglara gatnaşyp, üstünlikli geçmegi başardy we «Cisco Certified Specialist - Data Center Core» atly abraýly şahadatnama eýe boldy.

Şeýle hem