Ahal welaýatynda 2023-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Ak bugdaý etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, dabara Mejlisiň deputatlary, welaýat hem-de etrap halk maslahatlarynyň agzalary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, welaýatyň, etrabyň häkimlikleriniň, kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Her ýylda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, onuň jemleri jemlenende, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi, galla we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş hem-de medeni maksatly binalaryň gurluşygy ýaly ugurlar boýunça görkezijilere seredildi. Mundan başga-da, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek, raýatlaryň medeni dynç alşyny guramak, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly görkezijiler hem hasaba alyndy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurtda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda wezipeler üstünlikli çözülýär.
Dabaranyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edýän aladasy, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge berýän uly ünsi üçin etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Dabarada çykyş edenler etrabyň ýaşaýjylaryny bäsleşigiň ýeňijisi diýen belent ada mynasyp bolmaklary bilen gutlap, bu baýragyň olary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler.
Ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanyna sebitiň ilatynyň ýurduň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşantlaryna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de döwletiň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny we şan-şöhratyny artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Şanly waka mynasybetli baýramçylyk sergisi guraldy. Onda obasenagat pudagynyň gazananlary, amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen suratkeşleriniňdir heýkeltaraşlarynyň işleri görkezildi. Dabara gatnaşyjylar milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny synladylar we sport bäsleşiklerine tomaşa etdiler.
Bagşy-sazandalaryň çykyşlary, teatrlaryň we döredijilik toparlarynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýalary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Çeşme: «Turkmenportal»