Belarusyň Türkenistana ulag hyzmatlarynyň eksporty 3,6 esse ýokarlandy
13 Fewral
Belarusyň Türkenistana ulag hyzmatlarynyň eksporty 3,6 esse ýokarlandy

Belarusyň ulag we aragatnaşyk ministri Alekseý Lýahnowiç geçen ýylyň netijelerine esaslanyp, Respublikanyň Türkmenistana ulag hyzmatlarynyň eksportyny 3,6 esse artdyryp bilendigini aýtdy. “БелТА” tarapyndan berlen habarda belarus ulag operatorlary tarapyndan awtoulag arkaly halkara ýük daşamalarynyň mümkin bolan ýurtlarynyň sanynynyň 14-e ýetendigi beýan edilýär.

Bu maglumatlar Belarus hökümetiniň geçen ýylyň netijeleri baradaky ýygnagyndan soň aýan edildi. Mundan başga-da, şeýle ösüşiň Braziliýa (4,9 esse), Pakistana (4,2 esse), Müsüre (2,5 esse), Hytaýa (2,3 esse) hem-de Indoneziýa (2,2 esse) edilýän ulag boýunça eksportyň derejesinde hem bellige alnandygy aýdyldy.

Belarus Respublikasy gury ýerde ulag-logistika kuwwatlyklaryny işjeň ösdürýär, milli ulag parkyny giňeldýär we bar bolan infrastrukturany döwrebaplaşdyrýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem