2023-nji ýylda «Demirgazyk – Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça deňiz arkaly 5,54 million tonnalyk ýük daşaldy
14 Fewral
2023-nji ýylda «Demirgazyk – Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça deňiz arkaly 5,54 million tonnalyk ýük daşaldy

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow ulag-logistika geçelgesi boýunça ştabyň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýük daşamak meýilnamalaryny göz öňünde tutmak bilen, emele gelen häzirki ýagdaý, şeýle hem Azowo — Gara deňzi basseýni ugry boýunça ulag-logistika geçelgesiniň «ýol kartasyny» täzelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

«Halkara ulag geçelgeleri müdirligi» telekeçilik bolmadyk awtonom guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylda Azowo — Gara deňzi ugry boýunça 207,8 million tonna ýük daşaldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan (194,82 million tonna) 7% köpdür. Iň uly ösüş nebit we nebit önümlerini, şeýle hem däne daşamak boýunça görkezildi. Demir ýoluň ösüşi 1% boldy — 92,44 mln tonna çenli. Ykdysady ösüş ministrligi öz nobatynda Azowo — Gara deňzi basseýnindäki portlarda ýük dolanyşygynyň oksportynyň möçberiniň 2030-njy ýyla çenli näçeräk boljakdygyny çaklady.

Geçen ýyl «Demirgazyk – Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça 5,54 million tonna ýük daşalyp, munuň özi 2022-nji ýylyň görkezijisi (3,57 mln tonna) bilen deňeşdirilende, 55% ýokary netijedir. Şu ugur boýunça 2023-nji ýylda demir ýol boýunça daşalan ýüküň mukdary 11.59 tonna (ýyl üçin +14%) boldy. 2022-nji ýylda bu görkeziji 10,21 tonna barabar bolupdy.

Gündogar ugry boýunça deňiz ulagynda 2023-nji ýylda 189,69 million tonna, 2022-nji ýylda bolsa 180,21 million tonna (ýylda +5%) ýük daşaldy. Demir ýol boýunça ýük daşamagyň derejesi degişlilikde 235,72 million we 217,05 million tonna (+ 9%) boldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem