Türkmenistan we Gazagystan söwda gatnaşyklaryny berkidýär
20 Fewral
Türkmenistan we Gazagystan söwda gatnaşyklaryny berkidýär

Geçen ýyl Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky söwdanyň möçberiniň 563,06 million dollara barabar bolandygyny «Trend» habar berýär.

Gazagystanyň Milli statistika býurosynyň maglumatlaryna görä, bu döwürde ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwründäki 438,69 million dollarlyk görkeziji bilen deňeşdirilende, 28 göterim ýokary boldy.

Şu döwürde Türkmenistanyň Gazagystana eksporty 165,88 million dollar boldy. Munuň özi 2022-nji ýylyň şol döwründäki 98,33 million dollara barabar bolan netije bilen deňeşdirilende, 68 göterim köpdür.

Gazagystanyň umumy importunda Türkmenistanyň eýeleýän orny hakynda gürrüň edilende, 2022-nji ýylda 0,2 göterim ösüş bellige alynsa, hasabat döwründe bu görkezijiniň ösüşi 0,3 göterim boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Gazagystandan edýän importuny hem 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim ýokarlandyrdy (340,35 milliondan 397,17 million dollara çenli).

Gazagystanyň umumy eksportunyň 0,5 göteriminiň Türkmenistana degişlidigini hem bellemek gerek. 2022-nji ýylda bu görkeziji 0.04 göterime barabar bolupdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem