Bu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy Özbegistanda giňden belleniler. 19-njy fewralda Prezident Şawkat Mirziýoýew degişli karara gol çekdi. Bu ýubileý ÝUNESKO-nyň howandarlygynda dünýä derejesinde hem bellenilýär.
«Türkmen halkynyň beýik ogly, görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragy diňe bir türk halklarynyň däl, eýsem bütin dünýäniň edebiýat we medeniýet taryhynda aýratyn orun tutýar. Çuň ynsanperwerlige eýe bolan täsin söz ussadynyň eserleri, batyrgaý, tutanýerli we zähmetsöýer türkmen halkynyň asylly gymmatlyklaryny we häsiýetlerini ýokary derejede wasp edýär, adamlary hemişe agzybirlikde ýaşamaga çagyrýar, gatnaşyklary berkidýär. Dürli halklar bilen milletleriň arasyndaky dostluk we ylalaşyk biziň hemmämiz üçin, esasanam ýaşlarymyz üçin ahlak görkezmesi bolup durýar» diýip, kararda beýan edilýär.
Özbegistan Magtymgulynyň eserleriniň iň köp neşir edilen we okalýan ýurtlaryndan biridir. Ol Hywanyň meşhur Şirgazy medresesinde okady we Alyşir Nowaýyny öz halypasy hasaplady. Hywada Magtymguly özüne köp sanly pikirdeş adamlaryny, dostlaryny we muşdaklaryny tapdy. Şahyryň hatyrasyna Daşkentde we Hywada ýadygärlik toplumlary guruldy.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek üçin guramaçylyk komitetine premýer-ministr Abdulla Aripow ýolbaşçylyk eder.