Şu gün — 23-nji fewralda «Türkmenawtoulaglary» agentliginde türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuna bagyşlanan wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Çäräniň maksady röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy, ýurdumyzyň kanunçylyk binýady we halkara şertnamalary baradaky düşünjelerini çuňlaşdyrmak üçin degişli bilermenler bilen duşuşyklary guramakdan ybaratdyr.
Maslahaty «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Meýlis Hangeldiýew alyp bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy H.Atamyradowyň, «Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy M.Goşaýewiň, Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni A.Öwezowyň hem-de Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy T.Hudaýberdiýewanyň çykyşlary diňlenildi. Täsirli çykyşlarda türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky mümkinçilikleri hakynda giňişleýin söhbet edildi.
Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi