Gazagystanda polisiýanyň nobatçy ulaglarynyň «akylly» yşyklary ýollardaky düzgün bozulmalary bellige alar
29 Fewral
Gazagystanda polisiýanyň nobatçy ulaglarynyň «akylly» yşyklary ýollardaky düzgün bozulmalary bellige alar

Gazagystanda polisiýanyň nobatçy awtoulaglarynyň ýokarky böleginde ýerleşdirilen yşyklar ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmalaryny awtomatiki usulda bellige alar. Beýik Britaniýanyň «Ekin» iňlis kompaniýasy tarapyndan döredilen «Ekin Patrol G 2» enjam we programma üpjünçiligi toplumy yzygiderli wideo gözegçiligi üpjün edýän 11 ​​kamerany özünde jemleýär. «Akylly» yşyklar ulaglaryň dürli zolaklary bölmek bilen, tizligini ýokarlandyrmagyny bellige alar. Mundan başga-da, ulgam gözlenýän awtoulaglary ýüze çykarar, awtoulagy duralgalarda goýmakda düzgünleri bozýanlary we beýleki ýalňyşlyklaryň birnäçesini hasaplar.

Ýol hereketi boýunça işleýän polisiýa işgärleri Astanada täze ulgam bilen enjamlaşdyrylan ekipažlaryň bäşisiniň hereket edip başlandygyny habar berdiler. Mundan başga-da, şuňa meňzeş toplumlar Respublikanyň Abaý, Akmolin, Žetysu, Karaganda, Kostanaý we Kyzylorda sebitleriniň polisiýa işgärleri tarapyndan hem synagdan geçirilýär.

Ulaglaryň ekipažy düzgünleriň bozulmalaryny bellige alýarlar we hiç kimi saklamaýarlar, nobatçylygy bolsa dowam etdirýärler. Maglumat ýol polisiýasynyň müdirliginiň binýadynda köpeldilýär we sürüji düzgün bolzulma sebäpli özüne jerimäniň salnandygy hakyndaky SMS habaryny alýar.

Nobatçy awtoulaglara wideogözegçilik boýunça has-da täze ulgamyň ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu tehnologiýada ähli tarapa bakýan kameralary özünde jemleýän ulagyň hereket edýän wagtynda hem awtoulaglaryň tizligini, awtoduralgada nädogry goýlandygyny we gözlenýän ulaglary kesgitläp, düzgün bozulmalary bellige alyp biljekdigi çaklanylýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem