Gazagystanyň parlamenti «SpaceX» kompaniýasynyň «Starlink» hemra internetini ulanmagy oňlady
01 Mart
Gazagystanyň parlamenti «SpaceX» kompaniýasynyň «Starlink» hemra internetini ulanmagy oňlady

Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy «SpaceX» kompaniýasynyň «Starlink» hemra internetini ulanmaga rugsat berýän kanunçylyga üýtgeşmeler girizdi. Teklip edilen üýtgeşme aragatnaşyk hem-de sanlaşdyrmak pudagynyň ösüşine gönükdirilendir.

Senata ýollanan resminama geostasionar däl hemra arkaly aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin 2026-njy ýyla çenli ýörite düzgünleşdirmegi göz öňünde tutýar. Deputatlar hem dürli daşary ýurt kompaniýalaryndan şeýle hyzmatlary ulanmak üçin hukuk modeliniň zerurlygyna ünsi çekdiler.

Şondan öň «Starlink» enjamlarynyň ilkinji tapgyry oba mekdeplerinde ornaşdyrmak üçin ýurda getirilipdi.

Geçen ýylyň dekabrynda Özbegistanda «Starlink» ulgamynyň işe girizilmeginiň iki ýyl yza süýşürilendigi habar berildi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna internet çeşmelerini diwersifikasiýa etmäge kömek bermek niýeti barada söhbet edildi.

Şeýle hem