Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
01 Mart
Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

28-nji fewralda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministri T.Tekebaýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri we logistika ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bar bolan esasy ugurlary, şol sanda halkara we sebit başlangyçlarynyň çäginde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmeklik barada meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň ýurduň içinde we halkara derejesinde ulag infrastrukturasynyň we üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşişini we ulag mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary mälim edildi.

Şeýle hem