Ýazky bag ekmek möwsümine badalga berler
04 Mart 2024
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, resminama bilen, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
şeýle hem okaň: