Täze konteýner ugry
04 Mart
Täze konteýner ugry

Saud Arabystanynda Gyzyl deňziň sebitindäki beýleki ýurtlaryň portlary bilen birleşdirjek üpjünçilik we kabotaž konteýner ugry — «Folk Maritime» işe girizildi. Bu barada «Splash» habar berýär.

«Folk Maritime» Saud Arabystanynyň Ýakyn Gündogarda we sebitde möhüm hyzmatlaryny hödürleýän ilkinji üpjünçilik operatory hökmünde mynasyp ornuny tapar» — diýlip, neşirde hödürlenýän habarda aýdylýar.

Kompaniýa 2017-nji ýylda «Maersk» tarapyndan satyn alnan ozalky «CEO Gamburg Süd» kompaniýasynyň öňki baş direktory Pol Hestbek ýolbaşçylyk edýär. Ýeri gelende ýatlasak, P.Hestbek 2023-nji ýylyň awgustynda «Maersk» kompaniýasyny terk edipdi.

Häzirki wagtda «Folk Maritime» Gyzyl deňziň iki ugry boýunça hereket edýär. Onuň 2,5 müň konteýner sygymy bolan iki sany üpjünçilik konteýner gämisi bar. TEU Jidda — Neom — Ýanbu ugry boýunça hyzmat edýär. Ýene 700 TEU ölçegdäki konteýner sygymyny özünde jemleýän gämi iki hepdeden bir gezek Sudana gatnaýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem