«Türkmenawtoulaglary» agentliginde zähmet çekýän aýal-gyzlara sowgatlar gowşuryldy
07 Mart
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde zähmet çekýän aýal-gyzlara sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda Halkara zenanlar gününe bagyşlan çäre geçirildi. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mejlisler zalynda guralan dabarada ulgamyň düzüm birliklerinde zähmet çekýän zenanlara hem-de gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Ter gül desseleri bilen gowşurylan sowgatlar Watanymyzda aýal-gyzlara goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi.

Şeýle-de bu ýerde ulgamyň göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýan zenanlarynyň hem-de gyzlarynyň birnäçesi Hormat hatlary bilen sylaglandy. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ajaýyp sowgatlara eýe bolan wekilleri ýurdumyzda zenan mertebesine goýulýan belent sarpanyň özlerini täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny bellediler we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş-hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem