Alymlar ýol belgilerini dessine okamak üçin täze maksatnamany esaslandyrdylar
07 Mart
Alymlar ýol belgilerini dessine okamak üçin täze maksatnamany esaslandyrdylar

Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň alymlary ýol belgilerini awtomatiki tanamak üçin ulgam döretdiler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi.

Ol heläkçilik howpuny azaltmak üçin sürüjilere ýol çäklendirmeleri barada duýduryş berip biler. Bu taslama ýollardaky howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrar we ýol belgilerine nädogry düşünilmegi sebäpli ýüze çykýan düzgün bozulmalarynyň sanyny azaldar. Enjam islendik awtoulagda gurnalyp bilner we ol internete ýa-da GPS-e birikmegi talap etmeýär. Şuňa meňzeş ulgamlar daşary ýurtlaryň diňe ýokary derejeli awtoulaglarynda gurnalýar.

«Ýol belgileri çyralaryň ýagtylygynyň düşýän aralygyndan – takmynan, 25 m uzaklykdan okalýar. Soňra ulgam ses kömekçisi ýa-da maňlaý aýnasyndaky proýeksiýa arkaly signal iberýär. Sürüjiniň alnan maglumatlara reaksiýa bildirmegi üçin takmynan 1-5 sekunt wagty bar» — diýip, uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan ulgamlar kafedrasynyň inženeri Aleksandr Larionow belledi.

Şeýle hem