Türk kompaniýalary täze ugurlary ýola goýýarlar
08 Mart
Türk kompaniýalary täze ugurlary ýola goýýarlar

Amerikanyň, Ýewropanyň, Ortaýer deňziniň we Gara deňziň portlaryna konteýner daşamagy üpjün edýän «Turkon Line» türk kompaniýasy Mersin, Iskenderun, Jidda hem-de Akaba portlaryny birleşdirjek hepdelik «TRS» hyzmatyna başlaýandygyny habar berdi. «Turkon Line» tarapyndan berilýän habar bu hyzmatyň Iordaniýa we Saud Arabystanyna türk eksportyny we importyny goldamak üçin işe girizilendigini tassyklaýar.

«Turkon Line» saýtynda çap edilen tertibe laýyklykda, bu hyzmat beýleki bir türk kompaniýasy – «Medkon» bilen bilelikde alnyp barlar. Bu ýerde konteýner gämileriniň ikisi işlediler. Operatorlaryň her birinden bir gämi hereket eder — «Leýla Kalkavan» we «Medkon Perla».

«Medkonyň» Türkiýäniň Ambarli we Izmit portlaryny Noworossiýsk bilen birleşdirýän «TRS» hyzmatynyň hem bardygyny bellemek gerek.

«Turkon Line» tarapyndan berlen maglumatda täze hyzmatyň yzygiderli esasda her hepde guraljakdygy aýdylýar. Ilkinji syýahat 1131 TEU kuwwaty bolan «Leyla Kalkavan» gämisi tarapyndan amala aşyrylar. Ol 3-nji martda Iskenderun portundan, 5-nji martda bolsa Mersinden çykar we 11-nji martda Jidda, 14-nji martda bolsa Akaba geler.

1134 TEU kuwwatly «Medkon Perla» konteýner daşaýjy gämi 10-njy martda Iskenderundan ugrar.

— Biz Gyzyl deňizdäki ýük daşamak boýunça çökgünligi göz öňünde tutup, täze ýol gözleýärdik — diýip, «Turkon Line» kompaniýasynyň wekili O.Alkyn Kalkawan gürrüň berýär. — Biz müşderilerimiziň islegleri esasynda, Akaba we Jidda şäherlerini öz içine alýan ugurlary ýola goýduk.

Şeýle hem