Belarusuň ýük awtoulaglaryny gaýtadan birikdirmek we ýükleri geçirmek zolagynda ozalky çäklendirmeler açylýar
08 Mart
Belarusuň ýük awtoulaglaryny gaýtadan birikdirmek we ýükleri geçirmek zolagynda ozalky çäklendirmeler açylýar

Ermenistanda, Gazagystanda we Gyrgyzystanda hasaba alnan ýük awtoulaglary we traktorlar Belarusuň çäginde gaýtadan birikdirmek we ýükleri geçirmek üçin ýörite zolaklara girmäge rugsat aldylar. Bu barada «Sputnik Belarus» habar berýär.

Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigine agza ýurtlardan agyr ýük awtoulaglary üçin täze şertler 6-njy martda güýje girip, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli hereket eder.

Ýeri gelende ýatlasak, 2023-nji ýylyň noýabryndan bäri diňe Russiýada we Belarusda hasaba alnan ýük ulaglarydyr traktorlar gaýtadan birikdirmek işlerini amala aşyrmak hem-de ýükleri geçirmek üçin ýöriteleşdirilen ýerlere girip bildiler. Munuň özi Respublikanyň Russiýa bilen Belarusuň ýük awtoulaglarynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň çägine girmegini gadagan edýän çözgüde beren jogaby bolupdy. Şeýle ýagdaý 2022-nji ýylyň aprelinden bäri hereket edýärdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginde hasaba alnan agyr ýük awtoulaglarynyň Respublikanyň çägine girmäge hukugy ýokdy. Muňa garamazdan, barlag nokatlarynyň golaýyndaky käbir ýerlerde gaýtadan birikdirmek we ýüklemek mümkinçiligi saklanyp galypdy.

Mundan başga-da, Belarus 2024-nji ýylyň başyndan Ýewropa Bileleşiginden gelýän ulaglarda gaýtadan birikdirmek hem-de ýükleri geçirmek işlerini amala aşyrmak üçin giriş we birinji gije-gündiziň dowamynda galmak boýunça goşulan baha üçin salgydy hasaba almak bilen, üç binýatlyk möçberde ýygym girizdi.

Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Ýewraziýanyň ykdysady bileleşiginden bolan ýük daşaýjylaryň Russiýa Federasiýasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň serhedinde gaýtadan birikdirmek we ýük daşamak mümkinçiliginden peýdalanyp bilýändiklerini ýatladýarys.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem