2023-nji ýylda göterim nukdaýnazaryndan iň çalt ösýän konteýner ugry Germaniýanyň «Lidl» supermarketler zynjyrynyň eýeçiligindäki «Tailwind Shipping Lines» kompaniýasy boldy. Bu barada «Linerlytica» tarapyndan hödürlenen hasabata salgylanýan «Splash» habar berýär. Geçen ýylyň iýulyndan bäri onuň ýük daşamak kuwwaty 43% ýokarlandy.
«Pandemiýadan soň bölek satuw zynjyrlarynyň köpüsi gämide ýük daşamak işini terk etdi, «Tailwind Shipping Lines» bolsa bu ugurdaky işiniň göwrümini iki esse artdyrdy hem-de tonnažyny ýokarlandyrdy» — diýip, hasabatda beýan edilýär.
«Tailwind» iki ýyl myndan öň esaslandyryldy. Daşaýjy häzirki wagtda uly konteýner ugurlarynyň sanawynda 38-nji orunda durýar: onuň flotunyň umumy kuwwaty 40 müň TEU barabar bolan ýük möçberini daşamaga mümkinçiligi bolan 15 konteýner gämisinden ybaratdyr, sargytlar portfelinde bolsa iki gämi bar.
Mundan başga-da, «Tailwind» umumy göwrümi 13,2 müň TEU bolan birnäçe konteýner gämisini satyn aldy.
Pandemiýa döwründe bölek söwda zynjyrlarynyň birnäçesiniň, şol sanda «Ikea», «Walmart» we «Home Depot» ýaly kompaniýalaryň ýük daşaýan tölegli gämileriniň ýüklerini eltip bermekde konteýnerleriň ýetmezçiligi, gämilerdäki ýerleriň bolmazlygy, üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi hem-de ýük nyrhlarynyň ýokarlanmagy ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny ýatladýarys.