Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş Geňeşi döretmek barada karara gol çekdi
09 Mart
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş Geňeşi döretmek barada karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň il-ýurt bähbitli milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak bilen bagly işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen amala aşyrylýan taslamlaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy» Strategik maslahat beriş Geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem