Aziýa — Ýewropa söwdasynda bileleşiklere girmeýän taraplaryň konteýner dolanyşygyndaky paýy iki esse artdy
09 Mart
Aziýa — Ýewropa söwdasynda bileleşiklere girmeýän taraplaryň konteýner dolanyşygyndaky paýy iki esse artdy

«Alphaliner» tarapyndan hödürlenýän hasabata salgylanýan «Splash» Aziýa-Ýewropa söwdasynda işlemek bilen, bileleşikleriň hiç birine goşulmaýan konteýner kompaniýalarynyň paýynyň soňky bir ýylda iki esse artandygyny habar berdi.

«Hasabatda global kompaniýalaryň Russiýa bazaryndan çykmagy bilen boşlugy doldurmak üçin peýda bolan has kiçi konteýner daşaýjylar barada gürrüň edilýär» — diýlip, habarda beýan edilýär.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, «New New Shipping», «OVP Shipping», «Safetrans», «FESCO», «Akkon» hem-de «CStar» ýaly ýük daşaýjy kompaniýalar soňky bir ýylda iki esse köpeldi.

Aziýa — Ýewropa söwdasynda bileleşikleriň hiç birine girmeýän taraplar 308,3 müň TEU barabar ýük daşap, bu bazaryň 5 %-ini (ZIM-iň paýy 1,2%) emele getirdi. Bir ýyl öň bu göwrüm 154,6 müň TEU ýetipdi.

Aziýa — Ýewropa söwdasyndaky «2M», «Okean Alliance» we «The Alliance» bileleşikleriniň umumy paýy häzirki wagtda 89,7% bolsa, bir ýyl mundan ozal 95,6% bolupdy. Umuman alanyňda, bu bileleşikler görkezilen ýol ugry boýunça 344 müň TEU ýük daşamak kuwwaty bilen işleýär.

Şeýle hem